Türkmenistan-Hytaý: Merkezi Aziýa döwletleriniň, Hytaýyň Baştutanlarynyň sammitine taýýarlyk maslahatlaşyldy

BT
Türkmenistan-Hytaý: Merkezi Aziýa döwletleriniň, Hytaýyň Baştutanlarynyň sammitine taýýarlyk maslahatlaşyldy
Ahmet Gurbanowyň Sun Weýdun bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 14-nji apreli, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: Türkmenistanyň DIM-i)

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň duşenbe güni Aşgabatda “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň Sekretariatynyň wezipä bellenilen Baş sekretary Sun Weýdun bilen duşuşygy boldy. Bu formata gatnaşýan döwletleriň Baştutanlarynyň 2025-nji ýylda Astanada geçirilmegi meýilleşdirilýän sammitine taýýarlyk meseleleri gepleşikleriň esasy mazmuny boldy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär. 

Duşuşyga gatnaşyjylar sebit ýurtlarynyň we HHR-iň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň bar bolan gurallaryna ýokary baha berdiler hem-de onuň netijeli häsiýetini bellediler. 

Maslahatlaşmalaryň dowamynda sebitara hyzmatdaşlygyň, şol sanda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň, energetika ulgamynyň, ulag-aragatnaşyk taslamalarynyň we medeni-ynsanperwer alyşmalaryň esasy ugurlaryna garaldy. 

Söhbetdeşler strategik we uzakmöhletleýin häsiýete eýe bolan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berdiler. Duşuşyga gatnaşyjylaryň nygtamagyna görä, Türkmenistanyň we Hytaýyň döwlet ýolbaşçylarynyň arasyndaky ynanyşmagyň hem-de dostlukly gatnaşyklaryň ýokary derejesi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we giňeltmäge ýardam edýär. 

2023-nji ýylyň 18-19-njy maýynda Hytaýyň demirgazyk-günbatar böleginde ýerleşýän Şensi sebitiniň Sian şäherinde “Merkezi Aziýa-Hytaý” farmatyndaky döwlet Baştutanlarynyň ilkinji sammiti geçirildi.

2022