Türkmenistan bilen IRU ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegine garadylar

BT
Türkmenistan bilen IRU ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegine garadylar
Wepa Hajiýewiň Umberto de Pretto bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 11-nji apreli, Ženewa, Şweýsariýa (Surat: BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasy)

BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili Wepa Hajiýewiň anna güni Halkara awtomobil ulaglary bileleşiginiň (IRU) Baş sekretary Umberto de Pretto bilen duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasy habar berýär.

W.Hajiýew Türkmenistan bilen IRU-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini nygtap, ýurduň degişli ugurlarda özara gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygyny beýan etdi. 

Duşuşygyň ahyrynda ol Umberto de Pretto Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dekabr aýynda geçiriljek çärelere gatnaşmaga resmi çakylygy gowşurdy. 

Şeýle hem şol gün Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça direktory Emmi Pop bilen duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri hem-de hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. 

Duşuşygyň ahyrynda W.Hajiýew Türkmenistanda geçiriljek degişli dabaraly çärelere gatnaşmaga Emmi Popa hem çakylyk gowşurdy. 

2022