2025-nji ýylyň 24-25-nji maýynda türkmen paýtagtynda “Ak şäherim Aşgabat” atly ählumumy halkara sergi geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär.
Serginiň diwarlyklarynda Türkmenistanda öndürilýän we importyň ornuny tutýan gurluşyk serişdeleri, azyk senagatyň önümleri, mebeller hem-de ilatyň sarp edýän azyk harytlary görkeziler.
Sergi gurluşyk serişdelerden, mebel önümlerden başlap, azyk we gündelik sarp edilýän harytlara çenli giň ugurlary öz içine alar. Oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň hususy pudagynyň oba hojalyk, senagat we gurluşyk ýaly dürli ugurlaryna wekilçilik ederler.
Forum daşary ýurtly myhmanlaryň türkmen paýtagtynyň ekologiýa, medeni we intellektual kuwwatlyklary, onuň serişde we ösüş mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşmaga ajaýyp şertleri döreder.