Türkmenistanyň Prezidenti ýapon kompaniýalaryny türkmen bazarynda hyzmatdaşlyga çagyrdy

BT
Türkmenistanyň Prezidenti ýapon kompaniýalaryny türkmen bazarynda hyzmatdaşlyga çagyrdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 15-nji apreli, Ýaponiýa (Surat: “Watan” habarlar gepleşigi)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen sişenbe güni geçiren duşuşygynda kiçi we orta ýapon kärhanalarynyň Türkmenistanyň çäginde işewürligi ýöretmäge hem-de türkmen kompaniýalaryny ýapon bazarynda ilerletmek işine gatnaşmak mümkinçiliklerini öwrenmegi teklip etdi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň bellemegine görä, işewürlik hyzmatdaşlygyny meýilleşdirmek üçin pugta binýadyň bardygyny nygtady diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Halkara pul gaznasy özüniň ýakynda çap eden hasabatynda Türkmenistanyň ýakyn ýyllardaky ösüş derejesini 6,3 – 6,8 göterim derejede çaklamak bilen, ykdysady ösüşiniň durnuklylygyny tassyklady.

Türkmenistanyň ykdysadyýeti esasan döwlet we hususy maýa goýumlarynyň hasabyna ösýär. Her ýyl bu ulgama goýulýan maýa goýumlaryň möçberi jemi içerki önümiň 40 göteriminden hem geçýär. Şonuň 15 göterimi bolsa daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýyna düşýär. Maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 65 göteriminden gowragy önümçilik pudagyna gönükdirilýär. Munuň özi ykdysady düzümlerini özgertmäge we döwrebaplaşdyrmaga mümkinçilik berýär. 

Energetika pudagynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, logistika we suw hojalygyna degişli infrastrukturalaryň ösdürilmegi, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ileri tutulýan ugurlaryň hataryndadyr. Türkmenistanyň prezidenti ýapon işewürleriniň bu ugurlarda alnyp barylýan işlere işjeň gatnaşyp biljekdigini nygtap, uzakmöhletleýin maýa goýumlar üçin ähli şertleri döretmäge taýýardygyny aýtdy.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara foruma hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga ýapon işewürlerini çagyrdy.

Duşuşyga ýapon tarapyndan gatnaşyjylaryň hatarynda "Itochu Corporation", "Kawasaki Heavy Industries", "Mitsubishi Corporation", "Sojitz Corporation", "Toyo Engineering", "Mitsui", "Sumitomo Corporation" we beýleki korporasiýalaryň  wekilleri bar. Olar hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini beýan edip, daşary ýurt kompaniýalarynyň üstünlikli işlemegi üçin amatly şertleriň döredilýändigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdiler.

Ýapon kompaniýalarynyň wekilleri şeýle hem Türkmenistanda öndürilen önümleri halkara bazarlarda ilerletmek üçin hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny aýtdylar.

Ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda Garabogazdaky ammiak we karbamid öndürýän gazhimiýa toplumy, Gyýanlydaky polimer zawody, Owadandepedäki tebigy gazdan benzin öndürýän zawody we Çärjew etrabyndaky gaz turbinaly elektrik stansiýasy ýaly iri desgalar gurlup ulanylmaga berildi.

2022