Türkmenistan Russiýanyň sebitleri bilen dokma pudagynda hyzmatdaşlygy giňeldýär

BT
Türkmenistan Russiýanyň sebitleri bilen dokma pudagynda hyzmatdaşlygy giňeldýär
Türkmenistanyň dokma kärhanalarynyň ýolbaşçylarynyň Krasnodar ülkesiniň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 15-nji apreli, Krasnodar ülkesi, Russiýa (Surat: THP)

“Kaka” dokma toplumynyň we Baýramalynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky dokma toplumynyň ýolbaşçylarynyň sişenbe güni Russiýanyň günortasyndaky Krasnodar ülkesinde bu sebitiň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygy boldy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, türkmen wekiliýetiniň agzalary Türkmenistanyň dokma senagat pudagynyň häzirki ýagdaýy, onuň eksport kuwwatlyklary, önümleriniň görnüşleri, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin bar bolan mümkinçilikleri barada giňişleýin maglumat berdiler.

Krasnodar ülkesiniň telekeçileri Türkmenistanda öndürilýän önümleriň ýokary hil derejesini, olaryň iberilmeginiň bäsdeşlige ukyplylyk şertlerini döretjekdigini nygtap, işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga gyzyklanmalaryny beýan etdiler.

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam etjek özara gatnaşyklary durnukly ösdürmegiň geljegi geçirilen gepleşikleriň esasy mazmunyny düzdi.

Mundan öň, ýagny şu ýylyň aprel aýynda Wolgograd oblastynyň işewür jemgyýetçiliginiň wekilleri hem-de “Kaka” dokma toplumynyň we Baýramalynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky dokma toplumynyň ýolbaşçylary Türkmenistanda öndürilen dokma önümleri Russiýanyň bu sebitine eksport etmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022