Türkmenistanda we Horwatiýada öndürilýän harytlaryň sergilerini guramak maslahatlaşyldy

BT
Türkmenistanda we Horwatiýada öndürilýän harytlaryň sergilerini guramak maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Horwatiýa Respublikasyndaky ilçisi Annamämmet Annaýewiň Horwatiýanyň Ykdysadyýet ministrliginiň döwlet sekretary Goran Romek bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 16-njy apreli, Zagreb, Horwatiýa (Surat: Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy)

Türkmenistanyň Horwatiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Annamämmet Annaýew çarşenbe güni Zagreb şäherinde Horwatiýanyň Ykdysadyýet ministrliginiň döwlet sekretary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-horwat toparynyň horwat böleginiň başlygy Goran Romek bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda diplomat horwat kompaniýalarynyň Aşgabatda söwda-ykdysady, Zagreb şäherinde bolsa türkmen önüm öndürijileriniň sergilerini guramagy teklip etdi. 

Diplomatyň bellemegine görä, bu başlangyç işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmäge we ýurtlarda öndürilýän önümleri ilerletmäge gönükdirilendir. Bu barada Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy habar berýär. 

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň nobatdaky dördünji mejlisine taýýarlyk görmek duşuşygyň esasy mazmuny boldy. Ony şu ýylyň ikinji ýarymynda türkmen paýtagtynda geçirmek meýilleşdirilýär. 

Duşuşykda syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. Ilçi A.Annaýew Horwatiýanyň halkara giňişlikde syýahatçylyk merkezi hökmünde tanalýandygyny, bu ugurda horwat tejribesini öwrenmäge gyzyklanmalaryň bildirilýändigini belledi. Şeýle hem iki ýurduň syýahatçylyk operatorlarynyň we ugurdaş düzümleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak başlangyjy beýan edildi. 

Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar, hususanda, hyzmatdaşlygyň täze geljegi uly ugurlaryna çykmak arkaly özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge özara gyzyklanmalaryny tassykladylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022