Türkmenistanyň Prezidenti papa Fransiskiň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi

BT
Türkmenistanyň Prezidenti papa Fransiskiň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi
Aşgabat, Türkmenistan (Surat: TDH)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Onuň Ruhany Hezretleri, Keramatly Rim ybadathanasynyň Kamerlengosy Kardinal Kewin Jozef Farrelle Onuň Ruhany Hezretleri papa Fransiskiň aradan çykmagy zerarly çuň gynanjyny beýan etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär. 

“Papa Fransiskiň dinleriň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmakda, dünýäde parahatçylygy, asudalygy we agzybirligi pugtalandyrmakdaky uly tagallalary ähli halklaryň hakydasynda ebedi galar” diýlip, Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň hatynda bellenilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu agyr pursatda katolik jemgyýetine ýürekden duýgudaşlygyny bildirdi we medet beriji sözlerini beýan etdi.

Papa Fransisik 1936-njy ýylyň 17-nji dekabrynda Argentinanyň Buenos-Aýres şäherinde dogulýar. 2013-nji ýylda ol Rim papasynyň tagtyna geçen ilkinji katolik ruhanysy we Amerikadan ilkinji pontifik boldy. 

2022