Türkmenistanyň we Gruziýanyň parlamentleriniň dostluk toparynyň ilkinji duşuşygy geçirildi

BT
Türkmenistanyň we Gruziýanyň parlamentleriniň dostluk toparynyň ilkinji duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň we Gruziýanyň Parlamentara dostluk toparynyň ilkinji duşuşygy, 2025-nji ýylyň 23-nji apreli, Tbilisi, Gruziýa (Surat: Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy)

Sişenbe güni Gruziýanyň Parlamentiniň binasynda Türkmenistanyň we Gruziýanyň Parlamentara dostluk toparynyň ilkinji resmi duşuşygy geçirildi. Gepleşiklere Türkmenistanyň Mejlisiniň durmuş syýasaty boýunça komitetiniň başlygy Annamuhammet Sarjaýew we Gruziýanyň Parlamentiniň tertip-düzgün meseleleri boýunça komitetiniň başlygy Dawid Matikaşwili ýolbaşçylyk etdiler. 

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-gruzin gatnaşyklaryny ösdürmegi ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem syýasy, ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklary berkitmekde parlamentara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellenildi. Bu barada Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy habar berýär. 

Gatnaşyjylaryň bellemegine görä, parlamentara dialog iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlyk üçin netijeli gural we kanunçylyk edaralarynyň derejesinde tejribeleri alyşmak üçin amatly meýdançadyr. 

Türkmen tarapy Parlamentara gruzin-türkmen toparynyň agzalaryny Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çärelere gatnaşmaga çagyrdy. 

Şeýle hem şol gün Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Şalwo Papuaşwili bilen duşuşyk geçirdi. Onuň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna kanagatlanma bildirdiler hem-de syýasy, ykdysady, energetika, ulag we ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge meýillidiklerini tassykladylar. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022