Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow aprel aýynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilmegi däp bolan at çapyşyklaryň ýeňijilerini sylaglamak hakynda Buýruga gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.
Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň adyndan halypa çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen at çapyşygynyň ýeňijisi 2023-nji ýylda öndürilen, ak reňkli “Toyota Fortuner” kysymly ýeňil awtoulag bilen sylaglanylar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda bu baýrama gabatlanyp her ýylda geçirilýän at çapyşyklary milli atçylyk däplerini gorap saklamaga we ösdürmäge gönükdirilendir.
2025-nji ýylyň 23-nji aprelinde Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XV mejlisi geçirildi.