Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy «Ýokary derejeli dostluk» ordeni bilen gutlady

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy «Ýokary derejeli dostluk» ordeni bilen gutlady
Gurbanguly Berdimuhamamedowyň «Oliý Daražali Dustlik» ordeni bilen sylaglanyş dabarasy, 2025-nji ýylyň 24-nji apreli, Samarkant, Özbegistan (Surat: president.uz)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Özbegistanyň ýokary döwlet sylagyna — «Ýokary derejeli dostluk» («Oliý Daražali Dustlik») ordenine mynasyp bolmagy bilen gutlady.

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň döwletara gatnaşyklary berkitmäge we Türkmenistanyň ösüşini täze derejelere çykarmaga gönükdirilen işlerine ýurduň raýatlarynyň guwanýandyklaryny belledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany Özbegistanyň Türkmenistanyň möhüm strategik hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny, bu ýurt bilen syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň berk ýola goýlandygyny nygtady.

“Doganlyk Özbegistan Respublikasyna dostlukly saparyňyzyň dowamynda Siziň Özbegistanyň ýokary döwlet sylagyna — «Ýokary derejeli dostluk» ordenine mynasyp bolmagyňyz hem bu ugurdaky beýik işleriňiziň mynasyp ykrar edilmegidir” diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.

«Ýokary derejeli dostluk» ordeni 2020-nji ýylda döredilip, ol Özbegistanyň daşary ýurtlaryň raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara gowşurýan ýokary döwlet sylagy hasaplanylýar. Bu sylag bilen beýleki ýurtlaryň döwlet, hökümet we parlament ýolbaşçylary, halkara guramalaryň wekilleri, dürli ulgamlardaky görnükli işgärler, şol sanda Özbegistanyň raýatlary sylaglanylyp bilinýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022