Gurbanguly Berdimuhamedow Bender-Abbasdaky pajygaly waka zerarly Eýrana gynanç bildirdi

BT
Gurbanguly Berdimuhamedow Bender-Abbasdaky pajygaly waka zerarly Eýrana gynanç bildirdi
Ýangyn söndürijiler Bender-Abbas şäheriniň ýanyndaky portda bolan partlama zerarly dörän ýangyny söndürýärler, 2025-nji ýylyň 27-nji apreli, Eýran (Surat: The Canadian Press)

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Onuň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň Bender-Abbas portunda bolup geçen pajygaly partlama zerarly çuňňur gynanjyny hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň halkynyň adyndan medet beriji sözleri beýan etdi. 

Gurbanguly Berdimuhamedow ýakyn goňşusyna duýgudaşlygyň nyşany hökmünde ejir çekenlere lukmançylyk we beýleki ähli zerur kömegi bermäge taýýardygyny nygtady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär. 

Eýranyň Prezidenti şu agyr pursatda Türkmenistanyň ilkinji bolup öz goldawyny bermek baradaky teklibini beýan edendigi üçin hoşallyk bildirdi. 

Söhbetdeşligiň dowamynda şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi we sebit hem-de halkara gün tertibindäki özara gyzyklanma bildirilýän meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

“Mehr News” habarlar agentliginiň habar bermegine görä, Eýranyň günortasyndaky Bender-Abbas şäherindäki deňiz portunda bolup geçen partlama zerarly gurban bolanlaryň sany 40-a ýetdi, ejir çekenleriň sany bolsa 900-den geçdi. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022