Arkadag şäherinde YHG-niň durnukly ösüş boýunça birinji ministrler forumy geçirilýär

BT
Arkadag şäherinde YHG-niň durnukly ösüş boýunça birinji ministrler forumy geçirilýär
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Arkadag şäherinde geçirilýän durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumy, 2025-nji ýylyň 27-nji apreli, Türkmenistan (Surat: newscentralasia.net)

27-nji aprelde Arkadag şäheriniň “Märkaw” myhmanhanasynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär. 

Forum YHG-a agza ýurtlaryň döwlet edaralarynyň, halkara guramalaryň, daşary döwletleriň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryny we wekillerini, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenlerini bir ýere jemledi. 

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň esasy maksady hyzmatdaşlygy ösdürmekden, sebit aýratynlyklaryna üns bermek bilen BMG-niň durnukly ösüş boýunça 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini durmuşa geçirmekde amaly garaýyşlary özara alyşmakdan ybaratdyr. Gatnaşyjylar degişli ugurda tejribe alyşmak bilen, Durnukly ösüşiň maksatlaryna uýgunlaşmak üçin öz ýurtlarynda bar bolan ýörite ýagdaýlara çözgütler boýunça pikir alyşdylar. 

Forumyň netijeleri boýunça geljekde bilelikdäki tagallalar üçin ugrukdyryjy gollanma boljak jemleýji resminamanyň kabul edilmegi göz öňünde tutulýar. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň forumy Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilýär. Bu çäre durnukly ösüş bilen baglanyşykly sebit we halkara meselelerinde Türkmenistanyň öz ornuny berkitmeginde ýene-de bir möhüm ädim bolar. 

2023-nji ýylda dabaraly açylan Arkadag şäheriniň “ýaşyl” ösüş we durnukly şähergurluşygy ýörelgelerine ygrarlydygy göz öňünde tutulyp, forumyň geçirilmeli ýeri hökmünde saýlanyp alyndy. 

1985-nji ýylda esaslandyrylan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy (YHG) 10 ýurdy – Türkmenistany, Owganystany, Azerbaýjany, Eýrany, Gazagystany, Gyrgyzystany, Pakistany, Täjigistany, Türkiýäni we Özbegistany özüne birleşdirýän sebitleýin gurama bolup durýar. Ştab-kwartirasy Tähran şäherinde ýerleşýän gurama söwda, ulag, energetika we syýahatçylyk ulgamlarynda özara gatnaşyklaryň ösdürilmegini öz işinde esasy ugur edinýär.

 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022