Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow duşenbe güni Arkadag şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary Asad Majid Han, Eýranyň wise-prezidenti Seýed Hamid Purmohammadi we Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary Galymžon Koýşybaýew bilen duşuşyklary geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Energetika, ulag, söwda, sanlylaşdyrmak we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri gepleşikleriň esasy mazmuny boldy. Halkara giňişlikde YHG-niň eýeleýän ornuny berkitmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe süren başlangyçlaryna aýratyn üns berildi. Şeýle hem taraplar Beýik Ýüpek ýoluna bagyşlanan çäreleri geçirmegiň meýilnamalaryna garadylar.
Gepleşiklere gatnaşyjylar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge özara gyzyklanmalaryny beýan edip, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge çalyşýandyklaryny tassykladylar.
Duşuşyklar Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli birinji forumyň çäklerinde geçirildi.