Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Aşgabat şäher komiteti adybir partiýanyň S.Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän edara binasynda 2025-nji ýylyň 7-nji mýynda 09:00-dan 12:00-a çenli aralykda boş iş orunlaryň ýarmarkasynyň geçirilýändigini yglan etdi. Bu barada TSTB habar berýär.
Bu çäre işe ýerleşmäge ýardam bermäge, oňa iş berijileri, şol sanda kärhanalary, guramalary we hususy telekeçileri hem-de iş gözleýän raýatlary çekmäge gönükdirilendir.
Iş berijilere öňünden boş iş orunlary barada maglumatlary bermek zerurdyr, iş gözleýänler bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasyny, zähmet depderçesini we hünär bilimi baradaky resminamalary ýanlary bilen getirmelidirler.
Giňişleýin maglumat almak isleýänler Senagatçylar we telekeçiler partiýasyna 22-74-07 telefon belgisi arkaly ýa-da Aşgabat şäheriniň Ilatyň zähmet we iş üpjünçilik müdirliginiň etrap bölümlerine ýüz tutup bilerler.