Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň adyndan çagalara süýjülik sowgatlary gowşuryldy

BT
Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň adyndan çagalara süýjülik sowgatlary gowşuryldy
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan çagalara Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň adyndan sowgatlary gowşurmak dabarasy, 2024-nji ýylyň 1-nji maýy, Türkmenistan (Surat: TDH)

Ýaz möwsümi mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan çagalara süýjülik sowgatlar gowşuryldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi. 

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde we onuň çäginde hereket edýän çagalar baglarynda dabara geçirilip, onuň çäklerinde dürli nygmatlardan ybarat sowgatlar çagalara gowşuryldy. Baýramçylyk öwüşgini Aşgabat şäherindäki Döwletliler köşgünde hem dabaralandyrylyp, bu ýerde sowgatlary gowşurmak dabarasy çagalaryň aýdym-sazly çykyşlary we konserti bilen utgaşdy. 

Arkadag şäherinde geçirilen dabarada sowgatlar gowşurylan çagalar Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Dabaralara gatnaşyjylar özleriniň çykyşlarynda ösüp gelýän ýaş nesle döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn goldaw berilýändigini, bu işlerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna möhüm ornuň degişlidigini bellediler. 

Sowgatlary alan çagalaryň köpüsi döredijilik bäsleşikleriniň we halkara festiwallaryň ýeňijileridir. Özleri hakda edilýän üns-aladalar üçin olar tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022