Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Balkan welaýatynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere üns berildi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Mejlise milli parlamentiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, ugurdaş düzümleriň ýolbaşçylary we welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar.
Habarda bellenilişi ýaly, maslahat deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň düzümine girýän 32 ýurduň döwlet we hökümet Baştutanlaryny, 47 sany kiçi ada döwletleriniň, 49 sany az ösen ýurtlaryň ýokary derejeli wekiliýetlerini bir ýere jemlär. Oňa şeýle hem hyzmatdaş ýurtlardan, BMG we beýleki halkara guramalardan ýokary derejeli ýolbaşçylaryň gatnaşmagyna garaşylýar.
Mejlisiň dowamynda logistika we ulag elýeterliligini berkitmek meselelerine aýratyn üns berildi. Maslahatyň geçiriljek döwründe Aşgabadyň, Daşoguzyň, Marynyň, Türkmenabadyň we Kerkiniň Halkara howa menzillerinden Türkmenbaşy şäherine ýolagçy uçar gatnawlary artdyrylar.
Şeýle hem Türkmenistanyň dürli sebitlerinden ýörite demir ýol gatnawlaryň guralmagy göz öňünde tutulýar. Gatnaşyjylaryň Awazanyň çäginde hereket etmekleri üçin döwrebap awtoulaglar, şol sanda ýeňil awtomobil taksiler we awtobuslar işe giriziler.
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda tomus möwsüminde ilatyň oňaýly dynç alşyny üpjün etmek maksady bilen myhmanhanalary, çagalar dynç alyş merkezlerini, kottej toplumlaryny we beýleki jemgyýetçilik ýerleri abadanlaşdyrmak işleri alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giişleýin mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.