Türkmenistan 2027-2028-nji ýyllarda Parižde türkmen topragyndan tapylan, bürünç asyryna degişli arheologik tapyndylaryň sergisini guramagy teklip edýär. Bu başlangyç barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen bolan duşuşygynyň dowamynda belläp geçdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň bellemegine görä, geçiriljek çäre Türkmenistanyň gadymy taryhyna bagyşlanyp guralan halkara sergileriň özboluşly dowamy bolup biler. Şunuň ýaly çäreler ozal Germaniýada hem guralypdy. 2025 – 2026-njy ýyllarda şeýle sergileri Rim şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri speologiýa ulgamynda gazanylan üstünlikler barada durup geçdi. Fransuz hünärmenleri Köýtendagyň gowaklaryna eýýäm iki ylmy-barlag ekspedisiýasyny geçirdiler. Türkmen tarapy ylym ulgamynda mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny beýan etdi.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy mähirli kabul edilendigi üçin fransuz tarapyna minnetdarlyk bildirdi hem-de köpugurly we özara bähbitli hyzmatdaşlyga Türkmenistanyň taýýardygyny tassyklady.
Türkmenistan ýurduň ykdysadyýetine maýa goýmak we özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin fransuz işewürlerine ähli amatly şertleri döretmegi teklip edýär diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Parižde geçen Türkmen-fransuz ykdysady forumynda aýtdy.