Türkmenistanyň Prezidenti, Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirip, onda prokuratura edaralarynyň birnäçe işgärlerini wezipelere bellemek we boşatmak hakynda Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Resminama laýyklykda, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Toýly Allanazarowiç Rozyýew Ahal welaýatynyň harby prokurory wezipesinden boşadylyp, bu wezipä ýustisiýanyň geňeşçisi Öwezgeldi Gurbanowiç Berdiýew bellenildi.
Ozal Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň prokurory wezipesinde işlän ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Şyhly Alladurdyýewiç Pelläýew Lebap welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesine bellenildi.
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň prokurory wezipesine1-nji derejeli ýurist Kerim Öwezmuhammedowiç Nurgeldiýew bellenildi. Ozal bu wezipede işlän ýustisiýanyň geňeşçisi Agarejep Babaniýazowiç Gurdow bolsa Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi.
Ýustisiýanyň geňeşçisi Begenç Öwlýakulyýewiç Rahmedow Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň prokurory wezipesinden boşadylyp, oňa 1-nji derejeli ýurist Annanur Jumamyradowiç Hommadow bellenildi.
1-nji derejeli ýurist Ýaran Goçmyradowiç Ýarow Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň prokurory boldy. Ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Mekan Orazmyradowiç Baýramgeldiýew Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň prokurory wezipesinden boşadylyp, bu wezipä 1-nji derejeli ýurist Nurmyrat Nurmämmedowiç Halmyradow bellenildi.
Ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Azat Ýazmämmedowiç Bekmämmedow Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy.
Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň dört aýynda alyp baran işleriniň jemlerine garaldy hem-de milli howpsuzlygy üpjün etmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.