Dünýä döwletleriniň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Prezidentini Ýeňşiň 80 ýyllygy bilen gutladylar

BT
Dünýä döwletleriniň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Prezidentini Ýeňşiň 80 ýyllygy bilen gutladylar
1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýöriş, 2020-nji ýylyň 9-njy maýy, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: milligosun.gov.tm)

Dünýä döwletleriniň ýolbaşçylary Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa gutlaglary iberdiler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Russiýa Federasiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Özbegistanyň Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Täjigistan Respublikasynyň Emomali Rahmon, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin we Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň kollegiýasynyň başlygy Bakytžan Sagintaýew Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna gutlag hatlaryny iberdiler.

Dünýä döwletleriniň ýolbaşçylary weteranlara we tylda zähmet çekenlere hoşallyklaryny beýan edip, Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk, aabdançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdiler. Şeýle hem Beýik Ýeňşiň taryhy hakydasyny gorap saklamagyň möhümdigi bellenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentini gutlady.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şeýle hem Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli 9-njy maýda Moskwada geçirilýän dabaralara gatnaşýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022