Aşgabatda “2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” sergisi geçiriler

BT
Aşgabatda “2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” sergisi geçiriler
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergisi, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: TDH)

14-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda “2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly sergi geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

 Sergi nakgaş, grafika, heýkeltaraşlyk we amaly-haşam sungatynyň parahatçylyk, özara düşünişmek we halklaryň arasynda ynanyşmak mowzuklaryna bagyşlanan eserlerini özünde jemlär.

 2024-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça “2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnama kabul edildi. Türkmenistanyň öňe süren başlangyjy 86 döwletiň awtordaş bolup çykyş etmeginde kabul edildi.

 Şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumy geçiriler.

2022