Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýanyň Prezidenti ikitaraplaýyn gatnaşyklary maslahatlaşdylar

BT
Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýanyň Prezidenti ikitaraplaýyn gatnaşyklary maslahatlaşdylar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow (Surat: TDH)

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň dowamynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda özara ynanyşmaga, düşünişmäge we dostluga esaslanýan  hem-de yzygiderli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna oňyn baha berdiler.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar döwletara dialogy işjeň dowam etmegiň möhümdigini nygtap, dürli ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň depginli ösdürilýändigini bellediler. Iki ýurduň sebit we halkara düzümleriň çäklerinde hem netijeli hyzmatdaşlyk edýändikleri bellenildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň iki halkyň bähbitlerine laýyk derejede mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ynam bildirýändiklerini tassykladylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri we Russiýanyň Prezidenti birek-birege berk jan saglyk, rowaçlyk, döwlet işlerinde üstünlikleri hem-de Türkmenistanyň we Russiýanyň halklaryna abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdiler.

Kazan şäherine iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen hem duşuşdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022