Türkmenistandan 289 zyýaratçy Mekkede haj parzyny berjaý eder

BT
Türkmenistandan 289 zyýaratçy Mekkede haj parzyny berjaý eder
Mekke, Saud Arabystany (Surat: turkmenistan.gov.tm)

Türkmenistandan 289 zyýaratçy 2025-nji ýylyň 31-nji maýy – 23-nji iýuny aralygynda haj parzyny berjaý etmek üçin Saud Arabystanynda zyýaratda bolar.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň anna güni habar bermegine görä, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu baradaky degişli Permana gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligine zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin ýörite howa gatnawyny guramak tabşyryldy. Uçuş “Türkmenhowaýollary” agentliginiň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylar.

Haj parzy Gurban baýramyna gabatlanyp berjaý edilýär. Türkmenistan her ýyl raýatlarynyň haj parzlaryny berjaý etmekleri üçin mukaddes Mekke we Medine şäherlerine saparlary guraýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022