Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 18-nji maýda Türkmenistanyň Konstitusiýa we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy. Esasy çäreler Aşgabatda – Konstitusiýa binaysnyň we Baş Baýdak sütüniniň ýanynda geçirildi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Ir bilen Türkmenistanyň döwlet Baştutany türkmen döwletiniň berkararlygyny we demokratik ýörelgeleri alamatlandyrýan binanyň etegine gül çemenini goýdy. Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Baş Baýdak sütüniniň ýanynda geçirilýän dabara gatnaşyp, bu ýerde desganyň etegine gül çemenini goýdy.
Dabaralara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, diplomatik wekilhanalaryň, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, talyp ýaşlar hem-de Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary gatnaşdylar.
Dabaralar Türkmenistanyň ähli ýerinde ýaýbaňlandyrylan konsertler, folklor toparlarynyň çykyşlary we medeni maksatnamalar bilen dowam etdi.