18-nji maýda Türkmenistanyň Konstitusiýa we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Tbilisiniň teleýaýlym diňi Türkmenistanyň milli reňklerinde – Garaşsyzlygynyň we Bitaraplygynyň nyşany bolan Döwlet baýdagynyň öwüşgininde ýalkym saçdy. Bu barada Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy habar berýär.
Bu çäre “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýyla hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyldy. Bu iki başlangyç hem Türkmenistanyň teklibi bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden ýörite Kararnamalary bilen berkidilendir.
Telediňiň milli öwüşginde ýalkym saçmagy halkara giňişlikde Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilik başlangyçlaryny işjeň goldaýan Gruziýanyň bildirýän uly hormatynyň hem-de raýadaşlygynyň nyşany boldy. Bu çäre iki dostlukly döwletiň arasyndaky ýakyn gatnaşyklary we özara hormaty alamatlandyrýar.
Şeýle hem şol gün Türkmenistanda Konstitusiýa we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary geçirildi.