Tbilisiniň telediňi Türkmenistanyň Baýdagynyň reňklerinde ýalkym saçdy

BT
Tbilisiniň telediňi Türkmenistanyň Baýdagynyň reňklerinde ýalkym saçdy
Tbilisiniň teleýaýlym diňi Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň reňklerinde ýalkym saçýar, 2025-nji ýylyň 18-nji maýy, Tbilisi, Gruziýa (Surat: Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy)

18-nji maýda Türkmenistanyň Konstitusiýa we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Tbilisiniň teleýaýlym diňi Türkmenistanyň milli reňklerinde – Garaşsyzlygynyň we Bitaraplygynyň nyşany bolan Döwlet baýdagynyň öwüşgininde ýalkym saçdy. Bu barada Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy habar berýär.

Bu çäre “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýyla hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyldy. Bu iki başlangyç hem Türkmenistanyň teklibi bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden ýörite Kararnamalary bilen berkidilendir.

Telediňiň milli öwüşginde ýalkym saçmagy halkara giňişlikde Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilik başlangyçlaryny işjeň goldaýan Gruziýanyň bildirýän uly hormatynyň hem-de raýadaşlygynyň nyşany boldy. Bu çäre iki dostlukly döwletiň arasyndaky ýakyn gatnaşyklary we özara hormaty alamatlandyrýar.

Şeýle hem şol gün Türkmenistanda Konstitusiýa we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary geçirildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022