Masud Pezeşkian: Eýran Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýar

BT
Masud Pezeşkian: Eýran Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýar
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň duşuşygy, 2025-nji ýylyň 20-nji maýy, Tähran, Eýran (Surat: Türkmenistanyň DIM-i)

Eýran Türkmenistan bilen ykdysady we maýa goýum işlerinden başlap medeniýete, ýük daşamalara hem-de üstaşyr geçirmelere çenli dürli ulgamlarda Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýär. Bu barada Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen 2025-nji ýylyň 20-nji maýynda Tähran şäherinde bolan duşuşygynda aýtdy diýip, Türkmenistanyň DIM-i sişenbe güni habar berdi.

Masud Pezeşkian bilelikdäki maýa goýumlaryň giňeldilmeginiň iki ýurduň uzak möhletleýin esasda gülläp ösmegine ýardam etjekdigini belledi.

Eýranyň Prezidenti we Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ulag-üstaşyr ulgamda hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtap, halkara hem-de sbeit başlangyçlarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Şunuň bilen baglylykda, taraplar türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen şu ýylyň dekabr aýynda geçiriljek halkara forumyň möhüm ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň halklarynyň bähbidine strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özara taýýarlyk tassyklanyldy.

Mundan öň, Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy Raşid Meredow 18-19-njy maýda Eýranyň paýtagtynda geçirilen “Tähran dialog forumy – 2025” forumyna gatnaşdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022