Türkmenistan we Gazagystan maýa goýumlaryň özara goragy hakynda ylalaşdylar

BT
Türkmenistan we Gazagystan maýa goýumlaryň özara goragy hakynda ylalaşdylar
Almaty, Gazagystan (Surat: tengrinews.kz)

Gazagystanyň parlamentiniň aşaky palatasy – Mažilis Gazagystanyň we Türkmenistanyň hökümetleriniň arasynda maýa goýumlary özara giňeltmek we goramak hakynda ylalaşygyny tassyklamak barada Kanunyň taslamasyny makullady. Bu barada Gazagystanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär. 

2024-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Aşgabatda gol çekilen degişli resminama amatly maýa goýum gurşawyny döretmäge, göni daşary ýurt maýa goýumlaryny höweslendirmäge we iki ýurduň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir. 

Habarda bellenilişi ýaly, bir tarapyň maýadarlarynyň maliýe serişdeleri beýleki tarapyň çäginde adalatly we deňhukukly gatnaşyklar esasynda, doly goraglylyk we howpsuzlyk kepilligi bilen ulanylar. 

Taraplar birek-biregiň maýadarlaryna özleriniň maýa goýujylaryna hödürleýän şertlerinden kem bolmadyk, şol sanda maýalary dolandyryş, ulanyş we gönükdiriş meseleleri bilen bagly amatly ýagdaýlary döretmäge borçlanýarlar.

Iki ýurduň maýadarlarynyň arasynda borçnamalaryň bozulmagy bilen bagly meselelerde jedelleriň dörän ýagdaýynda taraplar şeýle meseleleri gepleşikler esasynda çözmäge çalyşmalydyrlar. Eger-de şeýle ýagdaý mümkin bolmadyk halatynda maýadar maýa goýum goýlan ýurduň degişli kazyýet edarasyna ýa-da halkara arbitraž kazyýeti arkaly jedelli meseläniň çözülmegi bilen bagly ýüz tutup biler. 

2022