TULM ilkinji gezek Gazagystandan BAE konteýner otlusyny iberdi

BT
TULM ilkinji gezek Gazagystandan BAE konteýner otlusyny iberdi
Gazagystan – Birleşen Arap Emirlikleri ugry boýunça ilkinji konteýner otly gatnawy, 2025-nji ýylyň 18-nji maýy (Surat: TULM)

“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” (TULM) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Gazagystanyň “KTZ Express” kompaniýasy bilen bilelikde 2025-nji ýylyň 18-nji maýynda Gazagystan – Birleşen Arap Emirlikleri ugry boýunça ilkinji konteýner otly gatnawyny gurady. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugy habar berýär.

Galla ýüklenen uzynlygy 40 futluk 62 konteýnerden ybarat otly Gazagystanyň Zaýataý demir ýol stansiýasyndan ýola düşdi we serhet nokadyndan geçip, ol Türkmenistandaky Etrek stansiýasyna bardy. Ol ýerde konteýnerleri GDA ýurtlarynyň tirkeglerinden Eýranyň tirkeglerine geçirmek işi amala aşyryldy.

Soňra ýük konteýnerleri Bender-Abbas portuna iberildi. Bu ýerden ýükler BAE-niň iň iri portlarynyň biri bolan Jebel-Ali portuna eltmek üçin deňiz ýük gämilerine ýüklenildi.

Bu şeýle ugur boýunça TULM tarapyndan Türkmenistanyň çäginde guralan ilkinji konteýner ýük otlusydyr.

“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” AGPJ-i Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 31-nji iýulynda gol çeken Permany esasynda döredildi. Ýurduň ulag-logistika ulgamyny ösdürmek, üstaşyr ýük geçirmeleriň möçberlerini artdyrmak hem-de iberijiden kabul edijä çenli üstaşyr we eksport-import ýükleri eltip bermek üçin netijeli logistika çözgütleri taýýarlamak kompaniýanyň esasy wezipesi bolup durýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022