Eýran Türkmenistan bilen demir ýol daşamalarynyň möçberlerini ýylda 4 million tonna çenli artdyrmak mümkinçiligini öwrenýär. Bu barada Eýranyň ýol we şähergurluşyk ministriniň orunbasary, ýurdu demir ýol kompaniýasynyň baş direktory Jabbar Ali Zakeri mälim etdi diýip, ýerli metbugata salgylanyp, “Trend” habarlar agentligi habar berdi.
Onuň bellemegine görä, eýran ýyl senenamasy boýunça geçen ýyl (2024-nji ýylyň 20-nji martyndan 2025-nji ýylyň 20-nji martyna çenli) Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda demir ýol arkaly 1,6 million tonna ýük daşaldy. Ali Zakeri hyzmatdaşlyk mümkinçilikleriniň, hususan-da, Sarahs, Lotfabad we Inçeburun serhetýaka geçiriş nokatlarynyň birnäçe meseleleriniň çözülmegi bilen düýpli ýokarlanjakdygyny belledi.
Ol şeýle hem Lotfabad geçiriş nokadynda ýükleriň eýeleri üçin arzanlaşyklaryň hereket edýändigini, onuň eýýäm özüniň oňyn täsirini ýetirýändigini belledi. Baha berilmegine görä, bu geçiriş nokady arkaly 170 müňden 200 müň tonna çenli goşmaça ýük geçirilip bilner. Onuň gurluş toplumy uzynlygy 1,8 kilometre golaý bolan demir ýol şahasyny hem özüne birleşdirýär. Ondan soň awtomobil ulaglary arkaly ýük indiki demir ýol şahasyna daşalýar.
Ýurtlaryň arasynda ýük daşamalaryň möçberleriniň artmagy Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky strategik ylalaşygyň çäklerinde geçirilýän işlerde jemlenýär. Resminama laýyklykda, 2028-nji ýyla çenli iki döwletiň çägi arkaly üstaşyr ýük akymlarynyň umumy möçberini her ýyl 20 million tonna çenli artdyrmak meýilleşdirilýär.