Ýanwar-mart: Türkmenistanda nagt däl pul dolanyşygy 5 milliard manatdan geçdi

BT
Ýanwar-mart: Türkmenistanda nagt däl pul dolanyşygy 5 milliard manatdan geçdi
Türkmenistanyň Merkezi banky, Bitarap Türkmenistan şaýoly, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanda bank kartlary boýunça nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi 2025-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda 5 milliard manatdan geçdi. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň çap eden “Bank habarlary” atly elektron žurnalynda habar berilýär.

Şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda terminallaryň üsti bilen amala aşyrylan nagt däl pul hasaplaşyklarynyň umumy möçberi 4 milliard 276 million 896 müň 524 manada ýetdi.

Merkezi bankyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda “Elektron-söwda” ulgamlary arkaly 516 million 924,8 müň manatdan gowrak söwda edilip, “Mobil bank” ulgamy arkaly 7 million 286,2 müň manatdan gowrak nagt däl hasaplaşyklar amala aşyryldy.

Şeýle hem, bankomatlaryň üsti bilen ýerine ýetirilen nagt däl hasaplaşyklaryň umumy möçberi 145 million 706,3 müň manatdan we “Internet bank” ulgamy arkaly 1 million 277,3 müň manatdan geçdi.

Mundan başga-da, bankyň mälim eden maglumatlaryna görä, “Halkbank terminal” ulgamy arkaly 59 million 915,3 müň manatdan gowrak nagt däl pul dolanyşygy amala aşyryldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022