Türkmenistanda “Wirtual aktiwler hakynda” Kanunyň taslamasy taýýarlanyldy

BT
Türkmenistanda “Wirtual aktiwler hakynda” Kanunyň taslamasy taýýarlanyldy
Hünärmen Farnham şäherinde kriptowalýuta fermasynda maýnerleriň wentilýatorlaryny barlaýar, Kanadanyň Kwebek sebiti, 2018-nji ýylyň 2-nji fewraly (Surat: Reuters/Kristin Muşi)

Türkmenistanda wirtual aktiwleriň dolanyşygynda gatnaşyklary düzgünleşdirmek maksady bilen “Wirtual aktiwler hakynda” Kanunyň taslamasy işlenilip taýýarlanyldy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow anna güni geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde mälim etdi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär. 

Resminama degişli ulgamda döwlet düzgünleşdirişiň hukuk esaslaryny kesgitlemek bilen maýning işini guramak, wirtual aktiwleriň emissiýasy we jemgyýetçilige hödürlenilmegi hem-de wirtual aktiwler hyzmatlaryny üpjün edijileriň işi baradaky düzgünleri öz içine alýar. 

Kanunyň taslamasynyň kabul edilmegi sanly çözgütleri ornaşdyrmak we maliýe tehnologiýalarynyň ösdürilişini goldamak üçin hukuk binýadyny kemala getirmäge gönükdirilendir. 

Degişli teklip Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna hödürleniledi. Türkmenistanyň döwlet Baştutany Mejlis bilen degişli ugurda işleri dowam etmegi wise-premýere tabşyrdy. 

Hökümet mejlisinde şeýle hem döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022