Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň agzalaryny we ähli türkmen halkyny Aşgabat şäheriniň güni, Türkmen halysynyň baýramy we “Soňky jaň” dabarasy bilen tüýs ýürekden gutlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň bellemegine görä, 25-nji maýda Türkmenistanda bu üç baýrama bagyşlanyp baýramçylyk dabaralary geçiriler. Bellenilişi ýaly, türkmen paýtagtynda ýaşamak, zähmet çekmek we medeniýetli dynç almak üçin ähli zerur şertler döredildi. Däp bolşy ýaly, şuňa bagyşlanyp türkmen paýtagtynda “Ak şäherim Aşgabat” atly köpugurly halkara sergisi geçirilýär.
Serdar Berdimuhamedow türkmen halyşynaslyk sungatynyň ösdürilmeginiň ähmiýetini belläp, geçiriljek haly önümleriniň sergisiniň we mazmunlaýyn maslahatyň halkara giňişlikde milli sungatymyzy ilerletmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti türkmen paýtagtyny ösdürmek, milli mirasy we türkmen halyçylyk däplerini ösdürmek boýunça döwlet syýasata Türkmenistanyň ygrarlydygyny belledi.
Şu baýramlaryň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň ähli orta mekdeplerinde uçurymlaryň “Soňky jaň” dabarasy geçirilýär.
Hökümet mejlisinde şeýle hem döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy.