Iýun aýynda Türkmenistanda medeni, ylym we sport ulgamlaryny öz içine alýan birnäçe baýramçylyk çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahargül Seýidowa anna güni geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde mälim etdi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Wise-premýeriň hasabatynda bellenilişi ýaly, Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni, Ylymlar güni, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli dürli çäreler we sport ýaryşlary geçiriler.
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen “Çalsana, bagşy!” atly bäsleşigiň Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlary geçiriler. 2 – 7-nji iýuny aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda guraljak “Awaza — dostluk mekany” atly halkara tans we folklor festiwaly esasy wakalaryň biri bolar.
Şeýle hem degişli döwürde Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy, 22 – 27-nji iýul aralygynda bolsa Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler. 27-nji iýunda Gündogaryň akyldar şahyrynyň şygryýet güni mynasybetli “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumyndaky ýadygärligine gül goýmak dabarasy guralar.
29-njy iýunda Arkadag şäheriniň açylmagynyň iki ýyllygy mynasybetli konsert çykyşlaryny we dabaraly çäreleri guramak meýilleşdirilýär.
Wise-premýer Baýramgül Orazdurdyýewa hem öz gezeginde Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. 3-nji iýunda Aşgabatda geçiriljek köpçülikleýin welosipedli ýöriş esasy çäreleriň biri bolar. Şunuň ýaly çäreler 30-njy maý – 3-nji iýun aralgynda Arkadag şäherinde hem-de welaýat merkezlerinde geçiriler.
Medeni çäreleriň makstanamasy sport ýaryşlaryny, maslahatlary we wagyz-nesihat çärelerini hem öz içine alýar.
Mejlisiň jemleri boýunça Türkmenistanyň döwlet Baştutany ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigi barada tabşyryklary berdi. Şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgeleriniň we milli mirasyň wagyz edilmelidigi barada aýdyldy.