Katar we Türkmenistan futbol ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyk baglaşdylar

BT
Katar we Türkmenistan futbol ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyk baglaşdylar
Kataryň Futbol assosiasiýasynyň prezidenti Jassim bin Raşid Al-Buaýnen we Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň prezidenti Guwanç Öwekow, 2025-nji ýylyň 26-njy maýy, Doha, Katar (Surat: THP)

Kataryň Futbol assosiasiýasy we Türkmenistan futbol ulgamynda özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen ylalaşyga gol çekdiler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi. 

Gol çekmek dabarasy 26-njy maýda Doha şäherinde Kataryň Futbol assosiasiýasynyň edara binasynda geçirildi. 

Resminama Kataryň Futbol assosiasiýasynyň prezidenti Jassim bin Raşid Al-Buaýnen we Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň prezidenti Guwanç Öwekow gol çekdiler. Dabara şeýle hem iki guramanyň baş sekretarlary – katar tarapyndan Mansur Al Ansari, türkmen tarapyndan bolsa Serdar Geldiýew gatnaşdylar.

Ylalaşyk Kataryň Futbol assosiasiýasynyň Aziýanyň futbol federasiýalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek we sebitiň dostlukly ýurtlary bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde möhüm çäre boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022