24-nji maýda Türkmenistanyň we Pakistanyň işewür toparlarynyň wekilleri ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge we dürli ulgamlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge bagyşlap gepleşikleri geçirdiler. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleriniň Pakistan Yslam Respublikasynyň “Maha” kompaniýalar toparynyň dolandyryş direktory Hasnain Dharamsi bilen geçiren duşuşygy ikitaraplaýyn işewürlik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryny ýüze çykarmaga gönükdirildi.
Taraplar oba hojalyk, senagat, energetika hem-de ulag-logistika ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşikleriň dowamynda ýurtlaryň arasynda söwda dolanyşygyny artdyrmak we ykdysady gatnaşyklary ösdürmek boýunça anyk çärelere garaldy.
Türkmen tarapy bu duşuşygyň umumy bähbitleriň, özara düşünişmegiň we hormat goýmagyň binýadynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge özara taýýarlygy aýdyň ýüze çykarandygyny belledi.