Belarus türkmen öndürijilerinden polipropilendan dokalan rulonly matany satyn almakçy

BT
Belarus türkmen öndürijilerinden polipropilendan dokalan rulonly matany satyn almakçy
Belarus kärhanalarynyň wekilleri polipropilen ellikleriň önümçiligi bilen tanyşýarlar, 2025-nji ýylyň 23 – 27-nji maýy, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: minsk.cci.by)

Belarus we türkmen kärhanalary Belarusa polipropilendan dokalan rulonly matany ibermek boýunça şertnama baglaşmak hakynda ylalaşdylar. Bu barada Belarusyň ilçihanasy tarapyndan guralan işewürlik saparynyň netijeleri boýunça ýurduň Söwda-senagat palatasynyň Minsk bölümi çarşenbe güni habar berdi. 

Bu meselä 24-25-nji maýda türkmen paýtagtynda geçirilen “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergisiniň çäklerinde garaldy. Sergi göni işewürlik gatnaşyklary we gepleşikleri guramak üçin netijeli meýdança öwrüldi. 

Belarus wekiliýetiniň düzümine eksport-import hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gyzyklanma bildirýän bäş kärhana girdi. Wekiliýetiň saparynyň maksatnamasy bolsa Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary hem-de döwrebap türkmen kärhanalaryna gezelenji öz içine aldy. 

Gatnaşyjylar üpjünçilik ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berdiler. Maksatnamanyň çäklerinde belarus wekiliýeti ýertudanany ösdürip ýetişdirmegiň tehnologiýasy, polipropilen gaplaryň we gurluşyk serişdeleriň önümçiligi bilen tanyşdylar. 

Belarus we türkmen kärhanalary ter gök önümleri we ýokary hilli miweleri Belarusa ibermek hakynda ylalaşyk gazandylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022