Türkmenistanyň Prezidenti Mongoliýa ilkinji döwlet saparyny amala aşyrar

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Mongoliýa ilkinji döwlet saparyny amala aşyrar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Uhnaagiýn Hurelsuh, 2024-nji ýylyň 12-nji oktýabry, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: president.mn)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 1-2-nji iýunynda Mongoliýa döwlet saparyny amala aşyrar. Sapara taýýarlyk görülýän işler barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow penşenbe güni geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde mälim etdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, saparyň çäklerinde özara hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem Ulan-Bator şäherinde Türkmen-mongol işewürler forumy, türkmen halysynyň sergi-ýarmarkasy, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň görkezilişi hem-de iki ýurduň sungat işärleriniň gatnaşmagynda medeni çäre geçiriler.

Türkmenistanyň Prezidenti daşary döwletler bilen netijeli gatnaşyklary berkitmegiň möhümdigini, şunuň bilen baglylykda, saparyň çäklerinde meýilleşdirilýän ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Häzirki wagtda iki ýurduň arasynda 11 sany döwletara ylalaşyklar hereket edýär. Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022