Sarahsda täze bazar gurlar

BT
Sarahsda täze bazar gurlar
Türkmenistandaky bazar (Surat: turkmenmetbugat.gov.tm)

Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Sarahs şäherinde täze bazar gurmak meýilleşdirilýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew penşenbe güni geçirilen Hökümet mejlisinde mälim etdi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

N.Atagulyýew taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň söwdanyň guralyşyny kämilleşdirmäge we bu babatda hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hödürlenen teklibi makullap, taslamany durmuşa geçirmek boýunça degişli işleri geçirmegi wise-premýere tabşyrdy. Şeýle hem Türkmenistanyň tutuş ýurt boýunça döwrebap söwda we hyzmatlar düzümini döretmäge ygrarlydygy nygtaldy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga meselelere hem garaldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022