Türkmenistanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi LLDC forumyna çagyrdy

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi LLDC forumyna çagyrdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Astana, Gazagystan (Surat: Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystana iş saparynyň dowamynda bu ýurduň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana çagyrdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Çakylyk anna güni Astanada geçirilen ikitaraplaýyn duşuşygyň dowamynda beýan edildi. Onda iki döwletiň Baştutany sebit hyzmatdaşlygynyň meselelerini hem-de halkara başlangyçlary ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri söwda, energetika, ulag we aragatnaşyk ulgamlaryny özara gyzyklanma bildirilýän möhüm ugurlar hökmünde kesgitlediler. Serdar Berdimuhamedow geçirilýän gepleşikleriň Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyga täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Şeýle hem şol gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň Premýer-ministri Jorja Melaoni bilen duşuşdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022