2019-njy ýylyň 1-nji iýunynda öz işine başlan “Biznes Türkmenistan” (BT) internet neşiri alty ýaşady. Internet neşiri türkmen, iňlis hem-de rus dillerinde okyjylara habarlary ýetirýär.
Şeýle hem internet neşiriniň X, “Facebook”, “Instagram”, we “LinkedIn” ýaly sosial aragatnaşyk torlarynda sahypalary açyldy.
“Biznes Türkmenistan” internet neşiri Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaryna çykarylýan harytlaryň kotirowkalaryny, Türkmenistanda hereket edýän kompaniýalarda döreýän boş iş orunlaryny, hususy kompaniýalar we döwlet edaralary tarapyndan yglan edilýän tenderleri ulanyjylara gündelik ýetirip durýar.
Türkmenistanyň we dünýä ýurtlarynyň döwlet edaralarynyň, şeýle-de halkara guramalaryň resmi web sahypalary BT neşirine yzygiderli salgylanýarlar.
“Biznes Türkmenistan” internet neşiri öz-özüni maliýeleşdirýän, şol sanda mahabatlardan alnan girdejileriň hasabyna iş alyp barýan neşirdir. Neşiriň redaksiýasyna “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan Türkmenistanyň çäginde aragatnaşyk işlerini, şol sanda habarlary işläp taýýarlamak we ýerleşdirmek bilen bagly işleri alyp barmak üçin Ygtyýarnama berildi.