Günorta Koreýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň dalaşgäri Li Çže Mýon resmi taýdan Günorta Koreýanyň Prezidenti wezipesine girişdi. Onuň bäş ýyllyk mandaty Milli saýlaw topary tarapyndan tassyklandy diýip, çarşenbe güni “Yonhap” agentligi habar berdi.
Täze saýlanan döwlet ýolbaşçysy Li Çu Honyň ýerine Prezident we Serkerdebaşy wezipesine geçdi.
Nobatdan daşary geçirilen Prezident saýlawlarynyň netijesine görä, Li Çže Mýon ses berijileriň 49,42 göterimini gazanyp, Konserwatiw güýçler partiýasynyň wekili Kim Mun Sudan (41,15 göterim) öňe geçdi.
Nobatdan daşary geçirilen saýlawlar Günorta Koreýanyň öňki Prezidenti Ýun Sok Ýolyň impiçment prosedurasyndan soň gurnaldy.