Türkmenistanyň karz edaralarynyň 2025-nji ýylyň 1-nji aprel ýagdaýyna kärhanalara, guramalara we ilata milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň umumy möçberi 89 milliard 936,28 million manada ýetdi. 2024-nji ýylyň 1-nji aprel ýagdaýyna berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 88 milliard 024,83 million manada barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň çap eden “Bank habarlary” atly elektron žurnalynda habar berilýär.
2025-nji ýylyň 1-nji aprel ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 48 milliard 522 million manada barabar boldy. 2024-nji ýylyň 1-nji aprel ýagdaýyna bu görnüşli karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 53 milliard 623 million manada deň boldy.
Şeýle hem 2025-nji ýylyň 1-nji aprel ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 15 milliard 220 million manada barabar boldy. 2024-nji ýylyň 1-nji aprel ýagdaýyna bu karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 12 milliard 305 million manada ýetdi.
Mundan başga-da, 2025-nji ýylyň 1-nji aprel ýagdaýyna raýatlara we edara görnüşindäki tarapy döretmeýän telekeçilere milli manatda berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 26 milliard 194 million manada barabar boldy. 2024-nji ýylyň 1-nji aprel ýagdaýyna berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 22 milliard 097 million manada deň boldy.