Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 5-nji iýunda Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa – Hindistan” işewürlik geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Mejlisde logistika, sanly ykdysadyýet we maýa goýum ugurlarynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.
Raşid Meredow Türkmenistanyň bu geňeşiň çäginde işjeň hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady we hyzmatdaşlygyň öňden bar bolan tejribesini giňeltmegiň ähmiýetine ünsi çekdi.
Mejlisiň dowamynda Merkezi Aziýada döwrebap infrastruktura döredilmegine aýratyn üns berildi. Bu ugurda Türkmenistanyň daşary işler ministri TOPH gaz geçirijisini sebitde özara baglanyşygy güýçlendirmäge ýardam beril biljek möhüm energetika taslamasy hökmünde belläp geçdi.
Taraplar bilelikdäki ulag-logistika başlangyçlaryny durmuşa geçirmegiň çäginde maýa goýum mümkinçiliklerini hem ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem mejlisde Demirgazyk – Günorta ulag geçelgesiniň ösdürilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň üdtünde durulyp geçildi.
Mejlise gatnaşyjylar ýokary tehnologiýalar, emeli aň we sanly platformalar ýaly innowasion ugurlarda Hindistan bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga özara gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar.
Duşuşygyň netijeleri boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hindistanyň dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklary beýan edildi.