Türkmenistan HZG-niň Baş direktoryny Bitaraplygyň 30 ýyllyk baýramyna gatnaşmaga çagyrdy

BT
Türkmenistan HZG-niň Baş direktoryny Bitaraplygyň 30 ýyllyk baýramyna gatnaşmaga çagyrdy
Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri Muhammetseýit Sylapow bilen Halkara zähmet guramasynyň (HZG) Baş direktory Žilber F. Hungbonyň arasynda geçirilen duşuşyk (Surat: Türkmenistanyň Şweýsariýadaky Ilçihanasy)

Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri Muhammetseýit Sylapow Halkara zähmet guramasynyň (HZG) Baş direktory Žilber F. Hungbony Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp 2025-nji ýylyň dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek dabaralara gatnaşmak üçin resmi çakylygy gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň Şweýsariýadaky Ilçihanasy habar berdi.

Halkara zähmet guramasynyň Baş direktory çakylygy minnetdarlyk bilen kabul edip, Türkmenistanyň HZG bilen, aýratyn-da pagta ulgamyndaky hyzmatdaşlygyna ýokary baha berdi. Ol Halkara Zähmet Guramasynyň Standartlaryň ulanylmagy boýunça komitetiniň teklipleriniň ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini nygtap, ýokary derejede geçiriljek dabaralara gatnaşmak mümkinçiligine garajakdygyny beýan etdi.

Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri Muhammetseýit Sylapowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Halkara Zähmet Maslahatynyň 113-nji mejlisiniň çäklerinde Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) Baş direktorynyň orunbasary hem-de Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory Beate Andres bilen duşuşyk geçirdi.

Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri Muhammetseýit Sylapowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2025-nji ýylyň 3–14-nji iýuny aralygynda Ženewada geçirilen Halkara Zähmet Maslahatynyň 113-nji mejlisine gatnaşýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022