Saud Arabystany Patyşalygynyň Mekge we Medine şäherlerine haj parzlaryny ýerine ýetirmäge giden türkmen raýatlary Gurban baýramy günlerinde bu ýerde sadaka berdiler. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň duşenbe günindäki sanynda habar berilýär.
Şu ýyl mukaddes Gurban baýramynyň bellenilýän günlerinde türkmen raýatlarynyň 2 müň 844-sini haj parzlaryny berjaý etmekleri üçin Saud Arabystany Patyşalygynyň Mekge we Medine şäherlerine ugradyldy. Şolaryň 289-sy döwlet tarapyndan, 2 müň 555-si bolsa öz serişdeleriniň hasabyna iberildi diýip, habarda bellenilýär.
Şeýle hem haj möwsüminiň guramaçylykly geçirilmegi üçin Türkmenistan tarapyndan ähli şertler döredildi. Zyýaratçylaryň Saud Arabystany Patyşalygyna gidip-gelmekleri üçin ýörite gatnawlar ýola goýuldy. Lukmançylyk işgärleri haj zyýaratyna gatnaşýan türkmen raýatlarynyň ýanlarynda bolup, olaryň saglygyna gözegçilik edýärler.
Sadakada tebärek çykylandan soňra milli tagamlarymyz çekildi, sadaka gatnaşýan adamlara hezzet-hormat edildi.
Saud Arabystany Patyşalygynda bolup, keramatly topraga zyýarat etmek bilen haj parzlaryny ýerine ýetirýän türkmen raýatlary bu ýerde, şeýle hem Türkmenistanda Gurban baýramy mynasybetli berlen sadakalaryň, okalan dogalaryň kabul bolmagyny dileg etdiler.