Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Seleňli geňeşliginiň çäginde ýerleşýän “Süýtli ýaýla” hojalyk jemgyýeti, uzak möhletleýin esasda bölünip berlen 600 gektara golaý ýeriň 9 gektarynda döwrebap maldarçylyk toplumyny gurdy. Toplumda idedilýän mallaryň baş sany yzygiderli artdyrylyp, häzirki wagtda bu ýerde olaryň sany 1600-den geçýär. Bu barada “Türkmenistan” gazeti sişenbe güni habar berýär.
Toplumyň çäginde mallary idetmek bilen birlikde, süýdi gaýtadan işläp, önüm taýýarlaýan bölümler hem hereket edýär. Bu ýerde öndürilýän süýt önümleri “Gönezlik” haryt nyşany bilen söwda nokatlaryna ugradylýar.
Habarda bellenilişi ýaly, maldarçylyk toplumy ýylda 3 müň tonna süýt we 100 tonna et öndürmäge niýetlenendir.
Bu ýerde mallaryň gerekli agramyny saklamak, sygyrlaryň süýtlüligini artdyrmak ugrunda öňdebaryjy dünýä tejribesi esasynda iş alyp barýan hünärmenleriň 40-dan gowragy zähmet çekýär. Şeýle hem kärhanada sygyr süýdi, berhizlik gatyk, süzme, uýadylan gaýmak, aýran ýaly önümleriň 30-a golaý görnüşi öndürilýär.
“Süýtli ýaýla” hojalyk jemgyýeti geljekde hem mallaryň baş sanyny hem-de süýt önümleriniň mukdaryny artdyrmak bilen, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda uludan baýram edilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyny täze üstünlikler bilen garşy almagy maksat edinýär.