Ýanwar-aprel: Türkmenistanda nagt däl pul dolanyşygy 6,7 milliard manatdan geçdi

BT
Ýanwar-aprel: Türkmenistanda nagt däl pul dolanyşygy 6,7 milliard manatdan geçdi
Türkmenistanda nagt däl hasaplaşygy amala aşyrmak üçin niýetlenilen plastik kartlar (Surat: turkmenistan.gov.tm)

Türkmenistanda bank kartlary boýunça nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi 2025-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda 6 milliard 773 million manatdan geçdi. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň çap eden “Bank habarlary” atly elektron žurnalynda habar berilýär.

Şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda terminallaryň üsti bilen amala aşyrylan nagt däl pul hasaplaşyklarynyň umumy möçberi 5 milliard 756 million 232 müň 020 manada ýetdi.

Merkezi bankyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda “Elektron-söwda” ulgamlary arkaly 736 million 113,2 müň manatdan gowrak söwda edilip, “Mobil bank” ulgamy arkaly 12 million 189,8 müň manatdan gowrak nagt däl hasaplaşyklar amala aşyryldy.

Şeýle hem, bankomatlaryň üsti bilen ýerine ýetirilen nagt däl hasaplaşyklaryň umumy möçberi 192 million 291,2 müň manatdan we “Internet bank” ulgamy arkaly 1 million 721,7 müň manatdan geçdi.

Mundan başga-da, bankyň mälim eden maglumatlaryna görä, “Halkbank terminal” ulgamy arkaly 75 million 339,2 müň manatdan gowrak nagt däl pul dolanyşygy amala aşyryldy.

2022