Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň wise-premýeri bilen gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegini maslahatlaşdy

BT
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň wise-premýeri bilen gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegini maslahatlaşdy
Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýewyň arasynda geçirilen duşuşyk, 2025-nji ýylyň 10-njy iýuny (Surat: Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Daşkent Halkara Maýa Goýum Forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy şenbe güni habar berdi.

Taraplar özbek-türkmen gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem ösdürilmegi we pugtalandyrylmagy bilen baglanyşykly esasy meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, aýratyn-da dostluk, goňşuçylyk we strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine üns berildi.

Duşuşygyň dowamynda söwda, ykdysadyýet, ulag-aragatnaşyk, energetika we suw hojalygy ýaly ugurlarda giň hyzmatdaşlyk boýunça täze gün tertibini düzmegiň zerurdygyna aýratyn üns berildi. Şeýle hem ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda özara hyzmatdaşlygy berkitmegiň möhümdigi nygtaldy.

Şeýle-de taraplar ýakynda geçiriljek sebitleýin forumyň hem-de bilelikdäki işewürlik we medeni çäreleriň tapgyryna düýpli taýýarlyk görmegiň möhümdigini bellediler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022