Pakistan Türkmenistandan üstaşyr Russiýa ýük otlusyny iberer

BT
Pakistan Türkmenistandan üstaşyr Russiýa ýük otlusyny iberer
Ýük otlusy (Surat: tca.gov.tm)

Pakistan 22-nji iýunda ilkinji gezek Russiýa ýük otlusyny ugradar. Bu ugur Eýranyň, Türkmenistanyň we Gazagystanyň üstünden geçip, Russiýanyň günortasyna barar. Bu barada “Newscentralasia” agentligi penşenbe güni habar berdi.

Otly Lahor şäherinden ugrap, Eýran bilen araçäkleşýän Taftan geçelgesine çenli 2000 kilometre golaý ýol geçer. Soňra ol Halkara “Demirgazyk — Günorta” ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça hereket eder. Bu geçelge Günorta Aziýany Ýewraziýa bilen birleşdirýän ugur bolup, häzirki wagtda işjeň ösdürilýär.

Relsleriň arasyndaky ölçeg tapawudy sebäpli ýükler Eýranyň Zahedan şäherinde başga otla geçiriler we otly Sarahs gözegçilik-geçiriş nokady arkaly Türkmenistanyň serhedinden geçer. Soňra otly Gazagystanyň üsti bilen Russiýanyň Astrahan şäherine barar.

Türkmenistan bu geçelgäniň işlemeginde möhüm orny eýeläp, ol Eýran bilen Gazagystany demir ýol arkaly birleşdirýän möhüm halka bolup durýar. Türkmenistan, Gazagystan we Russiýa boýunça relsleriň ölçeginiň birmeňzeş bolandygy üçin ýükleriň üznüksiz geçmegi üpjün edilýär.

Bu ugruň umumy uzynlygy takmynan 8000 kilometre deň bolup, Pakistandan Russiýa ýük otlusynyň 20–25 gün aralygynda barmagyna garaşylýar. Ilkinji ýük otlusynda takmynan 15–16 TEU konteýner ugradylar we geljekde nyrhlar ylalaşylan ýagdaýynda bu mukdar 31 konteýnere çenli artdyrylyp bilner, diýlip habarda bellenilýär.

Pakistanyň demir ýol ministri Muhammad Hanif Abbasi bu başlangyjyň ýurduň demir ýol ulgamyny Merkezi Aziýa bilen integrirlemek, sebitleýin logistika mümkinçiliklerini ösdürmek we halkara söwdasyny giňeltmek strategiýasyny görkezýändigini nygtady.

 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022