Türkmenistanyň zähmet we ilatyň iş üpjünçilik bölümlerinde okuw-maglumat merkezleri dörediler

BT
Türkmenistanyň zähmet we ilatyň iş üpjünçilik bölümlerinde okuw-maglumat merkezleri dörediler
Aşgabat, Türkmenistan (Surat: mlsp.gov.tm)

Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasynda durmuşa geçirilýän degişli sebitleýin taslamanyň ikin­ji tapgyrynyň çäklerinde Aşgabat şäherinde we welaýatlaryň 6 etrabynda ýerleşýän, şu ministrligiň garamagyndaky zähmet we ilatyň iş üpjünçilik bölümlerinde okuw-maglumat merkezlerini döretmek göz öňünde tutulýar. Bu barada wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, munuň özi ýurtda ýaşlara degişli hünär okuwlaryny geçmek arkaly olaryň mümkinçiliklerini giňeltmäge we beýleki maksatlara gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biriniň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen köp ugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek bolup durýandygyny belledi.

Şunuň bilen baglylyk­da, Türkmenistanyň döwlet Baştutany Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasynda amala aşyrylýan sebitleýin taslamanyň çäklerinde okuw-maglumat merkezlerini döretmek baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mejlisinde döw­let dur­mu­şy­na de­giş­li baş­ga-da bir­nä­çe mö­hüm me­se­le­le­re se­re­dil­di we olar bo­ýun­ça de­giş­li çöz­güt­ler ka­bul edil­di.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022